Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň Reb Ýeşuwa şeýle tabşyrdy: «Ine, Men Ýeriho galasyny we onuň edermen urşujylary bilen birlikde onuň hanyny seniň eliňe berýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Онсоң Реб Ешува шейле табшырды: «Ине, Мен Ерихо галасыны ве онуң эдермен уршуҗылары билен бирликде онуң ханыны сениң элиңе берйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 6:1
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden adam iberdi, çünki olar gaty utanýardylar.


Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Ýeriho gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebbiň we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Ýeriho gitdiler.


Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!


Ýanowadan Atarotaddara we Nagara çenli aşak düşüp, Ýeriho birigip, Iordana baryp ýetýär.


Ine, bular bolsa benýamin tiresiniň uruglary boýunça alan galalary: Ýeriho, Beýthogla, Emekkesis,


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.


Kowguçylar galadan çykan badyna derwezeler ýapyldy. Olar ysraýyl içalylaryny gözläp, tä Iordan derýasynyň güzerine çenli gitdiler.


Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi.


Ähli urşujylaryň bilen alty günüň dowamynda, günde bir gezek galanyň daşyndan aýlan.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ