Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ысрайыл халкы кырк йыллап чөлде сергездан гезди. Мүсүрден чыкан уршуҗыларың хеммеси өлди, чүнки олар Реббиң сөзүне гулак асмандылар. Ата-бабаларына ант ичип, сөз берен сүйт ве бал акян юрды Реб олара гөркезмеҗекдигине касам этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 5:6
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin, milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Olary özlerine berjek iň gözel ýurduma, süýt we bal akýan ýurda getirmejekdigime çölde ant içdim.


Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.


Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.


atalaryna wada beren ýurduma girmez. Meni äsgermedikleriň ýekejesi-de bu ýurdy görmez.


Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysyndaky Mowap düzlüginde Musa bilen Elgazar Ysraýylyň ilat sanawyny geçirenlerinde, ähli tireleriň hasabyny aldylar.


Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi.


Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy.


Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.


Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady.


Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim».


Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.


Şonda ysraýyllar perýat edip, Men-Rebden kömek sorap ýalbaranlarynda, Men olar bilen müsürlileriň aralygyny tüm-garaňkylyga gapladym. Men müsürlileriň üstüni deňziň suwy bilen örtüp, gark etdim. Siz Meniň müsürlilere näme edenimi öz gözleriňiz bilen gördüňiz. Soňra siz uzak wagtlap çölde ýaşadyňyz.


Müsürden çykan şol erkekleriň hemmesi sünnetlenendi, emma soňra çölde doglan oglanlar sünnetlenmedikdiler.


Şol adamlaryň ogullary ösüp kemala geldi, emma olar sünnetlenmändiler, ine, şol sebäpli Ýeşuwa olary sünnetledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ