Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 5:13 - Mukaddes Kitap

13 Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Ешува Ерихо галасына голай барып, башыны галдырып середенде, онуң эли сырма гылычлы дуран бир адама гөзи дүшди. Ешува онуң янына барып: «Сен хем бизиңкилериң биримиң я-да душманмысың?» дийип сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 5:13
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün Günüň jokrama yssy wagtynda Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi.


Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.


Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi.


Ýakup töweregine seredip, Ysawyň dört ýüz adam bilen bile gelýändigini gördi. Şeýdip, ol çagalaryny Leýanyň, Raheliň we iki gyrnagynyň arasynda böldi.


Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi.


Hakykatdanam, Dawuda goşulýan adamlaryň sany günsaýyn artyp, san taýdan Hudaýyň goşuny kimin boldy.


Soňra Reb perişdä buýruk berdi; perişde gylyjyny gynyna saldy.


Emma Dawut Hudaýdan soramak üçin onuň öňüne baryp bilmedi, sebäbi ol Rebbiň perişdesiniň gylyjyndan gorkýardy.


Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin.


Başymy galdyryp seretsem, ine, eginbaşy nepis zygyr matadan, bili sap altyndan kemerli biri durdy.


Men seredip durkam, kanalyň kenarynda bir goç gördüm. Onuň iki şahy bardy. Şahlarynyň ikisi hem uzyndy, ýöne biri beýlekisinden has uzyndy we şol uzyny soň çykypdy.


Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.


Eşek eli syrylan gylyçly, ýoluň üstünde duran Rebbiň perişdesini gören badyna ýoldan sowlup, atyzyň içine tutdurdy. Bilgam bolsa eşegi ýola çykarjak bolup saýgylamaga başlady.


Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi.


Mundan soň resullar Ony görmeseler-de, henizem gözlerini göge dikip durdular. Birdenkä ak eşikli iki adam olaryň alnynda peýda bolup:


Ähli urşujylaryň bilen alty günüň dowamynda, günde bir gezek galanyň daşyndan aýlan.


olaryň arasynda bolsa ynsan ogluna meňzeş Birini gördüm. Onuň egnindäki lybasy topugyna düşüp durdy, bilinde bolsa altyndan guşagy bardy.


Manowa aýaly bilen ol adamyň ýanyna bardy we ondan: «Meniň aýalym bilen gepleşen senmi?» diýip sorady. Perişde: «Men!» diýip jogap berdi.


Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ