Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 5:10 - Mukaddes Kitap

10 Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Айың он дөрди гүни агшам ысрайыллар Ерихо дүзлүгиндәки Гилгалда дүшләнлеринде Песах байрамыны белледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 5:10
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sizden bir habar alýançam, çölde – derýanyň saý ýerinde garaşaryn».


Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr.


Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz.


Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer.


Emma babyllylaryň goşuny olaryň yzyndan kowdy we Ýeriho düzlüginde yzlaryndan ýetip, Sidkiýany tutdy. Onsoň babyllylar ony tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasynda bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna getirdiler, ol hem Sidkiýa barada höküm çykardy.


Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler.


Birinji aýyň on dördüne Gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Ysraýyllar Iordandan birinji aýyň onunjy güni çykdylar we Ýeriho galasynyň gündogar tarapyndaky Gilgalda düşlediler.


Ertesi gün olar Kenganyň hasylyndan birinji gezek petir we gowurga iýdiler.


Olar Gilgaldaky Ýeşuwanyň düşelgesine gelip, oňa we ysraýyllara: «Biz siziň bilen ylalaşyk baglaşmak üçin uzak ýurtdan geldik» diýdiler.


Ol ýylyň ýylyna Beýtele, Gilgala, Mispa aýlanyp, şol ýerlerde Ysraýyly dolandyrardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ