Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Иордан дерясының гүнбатарындакы әхли амор ханлары ве деңзиң якасында яшаян әхли кенган ханлары ысрайыллар Иордан дерясындан гечйәнчә, Реббиң оны гурадандыгыны эшиденлеринде, оларың йүреги бүкгүлдеди. Ысрайыллар себәпли оларда хич хили гүйч-гурбат галмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 5:1
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.


Indi men Şekemi doganlaryňa däl-de, saňa berýärin; men ol mülk ýeri gylyjymdyr ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.


Patyşa gibgonlylary çagyryp, olar bilen gepleşdi. (Gibgonlylar ysraýyllardan däldirler, olar amorlaryň galyndylarydy. Ysraýyllar olara degmejekdiklerine ant içipdiler, ýöne Ysraýyl bilen Ýahuda bolan yhlasy sebäpli, Şawul olary ýok etjek bolýardy.)


Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.


Güýçli eli, uzadan goly bilen, ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn.


Adalar muny görüp, gorkýarlar, ýeriň aňry uçlary titreşýärler, olar ýakynlaşyp gelýärler.


Hökmürowan Reb Iýerusalime şeýle diýýär diý: „Seniň aslyň, doglan ýeriň Kengan ýurdudyr. Seniň kakaň amor, ejeň het tiresindendir.


Olar saňa: „Näme beýle gam-gussa batýaň?“ diýenlerinde, sen olara: „Gelen erbet habar zerarly gama batýaryn. Muňa her bir ýürek erär, ähli eller gowşar, her bir ruh tapdan düşer, her bir dyz epiler. Ine, habar gelýär, ol amala aşar“ diý». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady.


Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym.


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Manaşalar ol galalaryň ýaşaýjylaryny kowup çykaryp bilmediler we kenganlar öz ýerlerinde galyp, ýaşamaklaryny dowam etdirdiler.


Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir söweş arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Öli deňze gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.


Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.


Şeýdip, Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halky Ysraýylyň bähbidi üçin amorlary basyp aldy. Indi hem sen olary yzyna aljak bolýarsyňmy?


Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.


Reb ysraýyllary Hasor galasynda höküm süren we kengan halkyndan bolan Ýabyn atly hanyň eline berdi. Haroşet-hagoýym galasynda ýaşaýan Sisera onuň harby serkerdesidi.


Ertesi irden, serhoşlykdan açylansoň, bolan işleriň baryny aýaly oňa gürrüň berdi. Bu zatlary eşiden Nabalyň ýüreginden tutdy, ol doňňara daşa döndi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ