Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 4:23 - Mukaddes Kitap

23 Çünki Gyzyl deňizden geçenimizde, Hudaýyňyz Rebbiň biziň üçin onuň suwuny guradyşy ýaly, siz geçýänçäňiz Iordanyň suwuny-da guradandygyny olara aýdyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Чүнки Гызыл деңизден геченимизде, Худайыңыз Реббиң бизиң үчин онуң сувуны гурадышы ялы, сиз гечйәнчәңиз Иорданың сувуны-да гурадандыгыны олара айдың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 4:23
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.


Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.


Onsoň biz – Seniň halkyň, öriň sürüsi, şükür ederis Saňa ebedi, şöhratyňy beýan ederis nesillerboýy.


Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.


Faraonyň atlary, söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bilen deňze girende, Reb deňziň suwuny yzyna gaýtaryp, olaryň üstünden inderdi. Emma ysraýyllar deňziň ortasyndan gury ýer bilen geçdiler.


Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ