Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 4:19 - Mukaddes Kitap

19 Ysraýyllar Iordandan birinji aýyň onunjy güni çykdylar we Ýeriho galasynyň gündogar tarapyndaky Gilgalda düşlediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Ысрайыллар Иордандан биринҗи айың онунҗы гүни чыкдылар ве Ерихо галасының гүндогар тарапындакы Гилгалда дүшледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 4:19
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ylýas pygamberi harasat içinde göge götermekçi bolanda, ol Elýaşa bilen Gilgaldan gaýdyp gelýärdi.


Baryň, Beýtele gidip, günä ediň, Gilgala gidip, ýazygyňyzy artdyryň, her gün ertirine gurbanlyklaryňyzy, her üç günden gazanjyňyzyň ondan birini getiriň.


Emma Meni Beýtelden agtarmaň, Gilgala girmäň, Beýerşeba geçmäň, çünki Gilgal hökman sürgün ediler, Beýtel hem hiç zat bolup galar».


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi.


Siziň bilşiňiz ýaly, bu iki dag Iordanyň we günbatar ýoluň aňyrsyndadyr. Olar Araba düzlüginde ýaşaýan kenganlaryň ýerindäki Gilgal galasynyň garşysynda, Moreniň dub agaçlarynyň ýanyndadyr.


Şundan soň Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen bile Gilgaldaky düşelgä dolanyp geldi.


Gibgonlylar Gilgaldaky düşelgesinde bolan Ýeşuwa: «Öz gullaryňdan el çekme, tizräk gel-de, bizi halas et. Bize kömek et, sebäbi daglykda ýaşaýan ähli amor hanlary biziň garşymyza güýç birikdiripdirler» diýip habar iberdiler.


Soňra araçäk Akor jülgesinden Debire çenli ýokary galyp, demirgazykda akymyň günortasynda ýerleşýän Adummym baýyrlyklarynyň garşysyndaky Gilgala tarap öwrülýär. Araçäk bu ýerden Eýnşemeş çeşmesine çenli dowam edip, Eýnrogele ýetýär.


Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.


Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar suwdan çykyp, aýaklary gury ýere degen badyna, Iordanyň suwy ýene-de öz hanasyna öwrülip, öňküsi ýaly dolup-daşyp akyp başlady.


Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.


Soňra Reb Ýeşuwa: «Bu gün Men sizden Müsür gulçulyk ryswasyny aýryp taşladym» diýdi. (Şol ýer häzirki güne çenli hem Gilgal diýlip atlandyrylýar).


Olar Gilgaldaky Ýeşuwanyň düşelgesine gelip, oňa we ysraýyllara: «Biz siziň bilen ylalaşyk baglaşmak üçin uzak ýurtdan geldik» diýdiler.


Indi menden öň aşak, Gilgala in. Ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek üçin, ol ýere men hem barjak. Ýedi gün garaşanyňdan soň, ýanyňa baryp, näme etmelidigiňi aýdaryn».


Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ