Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.
Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.