Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna çala girip, aýaklary suwa degen badyna, sen olara durmaklygy buýur» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Әхт сандыгыны гөтерйән руханылар Иордан дерясына чала гирип, аяклары сува деген бадына, сен олара дурмаклыгы буюр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 3:8
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Iordan derýasyna gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi-de bile tirkeşip, ýollaryny dowam etdirdiler.


Olar doganlaryny toplap, inlerini tämizläp, Rebbiň sözüne görä patyşanyň tabşyryşy ýaly, Rebbiň öýüni tämizlemek üçin ol ýere girdiler.


Onsoň Hizkiýa patyşa gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyk bermegi tabşyrdy. Ýakma gurbanlyk bermäge başlanlarynda, surnaýlar we Ysraýyl patyşasy Dawudyň saz gurallary bilen Rebbe alkyş aýtmaga başladylar.


Hizkiýa patyşa we onuň baştutanlary lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň sözleri bilen Rebbe alkyş aýtmagy tabşyrdylar. Olar şatlyk bilen alkyş aýdyp, dyza çöküp ybadat etdiler.


Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!


Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.


Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.


Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.


halka şeýle buýruk berdiler: «Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň.


Reb Ýeşuwa: «Şu gün Men seni ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda beýgeltjek, goý, olar Meniň Musa bilen bile bolşum ýaly, seniň bilen hem bile bolýandygymy bilsinler.


Ýeşuwa ysraýyllara ýüzlenip: «Bäri geliň-de, öz Hudaýyňyz Rebbiň sözlerine gulak salyň» diýip, olary çagyrdy.


Olaryň hemmesi geçip bolandan soňra Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar geçdiler we olar halka baş bolup, adamlaryň öňünden ýörediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ