Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Iniňizi tämizläň, sebäbi ertir Reb siziň araňyzda gudrat görkezip başlar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ешува халка йүзленип: «Иниңизи тәмизләң, себәби эртир Реб сизиң араңызда гудрат гөркезип башлар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 3:5
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.


Ol çölde gaýany ýardy, çuňluklardan deý olary bolelin suwdan gandyrdy.


Halky ýygnap, jemagaty tämizläň, ýaşululary hem çagalary, hatda emýän bäbekleri çagyryň. Goý, öýlenýän ýigit öz otagyndan, gelin-de öz tutusyndan çyksynlar.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Şonuň üçin siz iniňizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Halk çykyp, ony ýygnardy we degirmende üwärdi ýa-da sokuda döwerdi. Soňra gazanda gaýnadyp, ondan petir kökeler bişirerdiler. Onuň tagamy zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen çelpegiň tagamy ýalydy.


Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.


Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».


Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup-daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna,


Çünki siz öň bu ýoldan ýöräp görmändiňiz, olar size nirä gitmelidigini görkezerler. Olaryň yzy bilen ýöräň, emma gaty golaý barmaň, olar bilen araňyz iki müň tirsek bolsun».


Soňra Ýeşuwa ruhanylara Äht sandygyny eginlerine göterip, halkyň öňünden ýöremegi buýurdy. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.


Ýeriňden tur-da, adamlara inlerini tämizlemegi buýur. Goý, olar ertire çenli inlerini tämizläp päklensinler. Sebäbi Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Eý, Ysraýyl, ýok edilmeli zatlar seniň öz içiňde. Şoňa görä-de sen tä öz içiňden olary aýryp taşlaýançaň, öz duşmanlaryňyň öňünde durup bilmersiň.


Şamuwel: «Eýgilik. Rebbe gurbanlyk bermek üçin geldim. Iniňizi tämizläň-de, meniň bilen gurbanlyga baryň» diýdi. Soňra ol Ýyşaý bilen onuň ogullaryny tämizläp, mukaddes etdi we olary gurbanlyga çagyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ