Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 3:3 - Mukaddes Kitap

3 halka şeýle buýruk berdiler: «Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 халка шейле буйрук бердилер: «Хөкмүрован Реббиң Әхт сандыгыны гөтерйән леви руханыларыны гөрен бадыңыза, өз дүшелгәңизиң дашына чыкып, оларың ызына дүшүң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 3:3
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň sandygyny göterijiler alty ädim ýöränden soň, Dawut bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk berdi.


Olar Hudaýyň sandygyny täze araba ýükläp, baýyrlykda ýerleşýän Abynadabyň öýünden alyp çykdylar. Täze arabany Abynadabyň ogullary Uza bilen Ahýo sürüp barýardylar.


Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we ruhanylar sandygy göterdiler.


Meniň huzurymda ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny, beýleki gurbanlyklary bermekde lewi ruhanylary hiç wagt kemlik etmez“».


Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.


Şonda Töwrat mugallymlaryň biri gelip: «Mugallym, Sen nirä gitseň, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi.


we Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewilere şeýle buýruk berdi:


Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi.


Çünki siz öň bu ýoldan ýöräp görmändiňiz, olar size nirä gitmelidigini görkezerler. Olaryň yzy bilen ýöräň, emma gaty golaý barmaň, olar bilen araňyz iki müň tirsek bolsun».


Soňra Ýeşuwa ruhanylara Äht sandygyny eginlerine göterip, halkyň öňünden ýöremegi buýurdy. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.


Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna çala girip, aýaklary suwa degen badyna, sen olara durmaklygy buýur» diýdi.


Ysraýyllara berjaý etmeli diýip, Rebbiň Ýeşuwa beren hemme buýruklary ýerine ýetýänçä, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasynyň ortasynda durdular. Bu Musanyň Ýeşuwa diýşi ýaly boldy. Ysraýyllar derýadan çaltlyk bilen geçdiler.


Soňra ol öz adamlaryna galanyň daşyndan aýlanyp başlamagy we öňdäki ýaragly goşuna Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöremekligi buýurdy.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Lewiler Rebbiň sandygyny hem-de onuň ýanyndaky altyn şekiller salnan gutyny arabadan düşürip, şol ullakan daşyň üstünde goýdular. Şol gün beýtşemeşliler Rebbe ýakma we beýleki gurbanlyklary berdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ