Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 3:17 - Mukaddes Kitap

17 Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Реббиң Әхт сандыгыны гөтерйән руханылар болса тә ысрайылларың хеммеси гуры ерден гечип гутарянчалар, деряның ханасының ортасында дурдулар. Шейдип, тутуш ысрайыл халкы гуры ерден гечди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 3:17
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas donuny alyp düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi. Olar derýanyň içindäki gury ýerden ýöräp kenara çykdylar.


Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn, ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn.


Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.


Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.


Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.


Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


«Ysraýyllara aýt, Iordan derýasyndan geçip, Kengana baranlarynda,


Iman arkaly ysraýyllar Gyzyl deňizden gury ýerden geçýän dek geçdiler. Müsürliler hem geçmäge synanyşyp, gark boldular.


Tutuş halk Iordan derýasyndan geçip bolandan soň, Reb Ýeşuwa:


Ysraýyllara berjaý etmeli diýip, Rebbiň Ýeşuwa beren hemme buýruklary ýerine ýetýänçä, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasynyň ortasynda durdular. Bu Musanyň Ýeşuwa diýşi ýaly boldy. Ysraýyllar derýadan çaltlyk bilen geçdiler.


Olaryň hemmesi geçip bolandan soňra Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar geçdiler we olar halka baş bolup, adamlaryň öňünden ýörediler.


siz olara ysraýyl halkynyň Iordan derýasynyň içinden gury ýer bilen geçendigini düşündiriň.


Olara Iordan derýasynyň ortasyndan, edil ruhanylaryň aýagynyň duran ýerinden on iki sany daşy getirmegi buýur. Olar şol daşlary siziň gije düşlejek düşelgäňize getirip goýsunlar» diýdi.


Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ