Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 3:16 - Mukaddes Kitap

16 derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Öli deňze gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 деряның акымы тогтады. Онсоң сувлар олардан узакдакы Саретаның голайында ерлешйән Адама галасының деңинде йыгнанып, бир үйшмек болуп дурды. Шейле хем, Араба деңзине, ягны Өли деңзе гелип гуйян сувларың акмасы бүтинлей кесилди. Адамлар дерядан Ерихо тарап гечдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 3:16
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Siddim deresinde, ýagny Öli deňizde öz güýçlerini birleşdirdiler.


Tagnak, Megido ülkelerinde, Ýizregeliň etegindäki Saretanyň ýanyndaky bütin Beýtşeýan ülkesinde, Beýtşeýandan Abelmehola, Ýokmygamyň aňyrsyna çenli bolan aralykdaky ülkede Ahyludyň ogly Bagana,


Patyşa bu gaplary Iordanyň düzlüginde, Sukot bilen Saretanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde bürünçden guýdurdy.


Ölüm tanaplary maňa oraldy, ölüler dünýäsiniň sütemleri üstüme indi, meni jebir-jepa, gam-gussa basdy.


Reb dogry we merhemetli, biziň Hudaýymyz rehimli.


Diýdim «Men ölüp, inemde gabra, munuň peýdasy bolarmy Saňa? Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi? Seniň wepalylygyňy beýan edermi?»


Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi, meni ähli azaplarymdan halas eýledi.


Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn, ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn.


Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?


Onsoň biz – Seniň halkyň, öriň sürüsi, şükür ederis Saňa ebedi, şöhratyňy beýan ederis nesillerboýy.


Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.


Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.


Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.


Haýbatly demiňden, suw dik ýokary galdy. Tolkunlar diwar ýaly bolup, çuň deňziň düýbi daş dek gatady.


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu suwlar gündogardaky ülkelere tarap akýar we Iordan deresine inip, deňze guýanda, deňziň ýata suwlary süýji suwa öwrüler.


Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar, bütin derýalary takyradýar, Başan we Karmel daglary solýar, Liwanyň gülleri solýar.


Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, gazabyň deňizlere garşymydy?


Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Öli deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr.


Ine, bu sözler Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda – çöllükde ýaşaýan tutuş ysraýyl halkyna aýdan sözleri. Olar Supuň garşysyndaky Araba düzlüginde, Paran galasy bilen Topel, Laban, Haserot we Dizahap galalarynyň aralygynda ýaşaýardylar.


Günbatar araçäk Iordan derýasy bolup, Kinneretden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan Araba düzlügi we Pisga dagynyň etekleri oňa degişlidir.


Şeýle hem, ol Kinneret kölünden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan ýerlere, Araba düzlüginiň gündogarynda Beýtýeşimoda çenli barýan ýerlere we günbatarda Pisga dagynyň etegindäki ýerlere eýelik edýärdi.


Olaryň günorta araçägi uzalyp gidýän günortadaky aýlaglardan, Öli deňziň gutarýan ýerinden başlanýar.


Ýanowadan Atarotaddara we Nagara çenli aşak düşüp, Ýeriho birigip, Iordana baryp ýetýär.


Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».


siz olara ysraýyl halkynyň Iordan derýasynyň içinden gury ýer bilen geçendigini düşündiriň.


Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.


Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ