Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».
Ýeşuwa hem başga on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasynda, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde goýdy. (Ol daşlar biziň günlerimizde hem şol ýerde dur.)