Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýeşuwa we ähli ysraýyllar ir bilen turup, Şitimden çykyp ugradylar. Iordan derýasyndan geçmezden öňürti, olar gijäni geçirmek üçin onuň kenarynda düşlediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ешува ве әхли ысрайыллар ир билен туруп, Шитимден чыкып уградылар. Иордан дерясындан гечмезден өңүрти, олар гиҗәни гечирмек үчин онуң кенарында дүшледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 3:1
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.


Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi.


«Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz.


size gaýta-gaýta ýollan gullarym pygamberleriň sözlerini öňki ýaly ýene-de diňlemeseňiz,


Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.


Ir säher bilen heniz daň atmanka, Isa turup, daşary çykdy. Bir çola ýere baryp, Hudaýa doga etdi.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip barýan ýedi ruhany surnaýlaryny dynman çalyp, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýörediler. Ýaragly goşun olaryň öňünden barýardy. Yzky gorag goşuny Rebbiň Äht sandygynyň yzyndan gelýärdi.


Ýedinji aýlawda ruhanylar surnaýlaryny çalanlarynda, Ýeşuwa öz adamlaryna gygyrmagy buýrup, şeýle diýdi: «Gygyryň! Çünki Reb bu galany size berdi!


Ýeşuwa ertesi säher bilen turdy we ähli ysraýyllara tire-tire bolup öňe çykmaklaryny buýurdy we ýahuda tiresi görkezildi.


Ýeşuwa ertesi irden turup, adamlaryň hemmesini ýygnady. Ol Ysraýyl ýaşululary bilen goşunyň öňüne düşüp, Aý galasyna tarap ugrady.


Ysraýyllar ertesi irden Gibganyň ýanynda düşelge gurup ýerleşdiler.


Dawut irden turup, goýunlary sakça tabşyrdy. Ýyşaýyň tabşyryşy ýaly, azyklary alyp ýola düşdi. Dawut düşelgä gelende, goşun gykylyklap, söweş meýdanyna tarap barýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ