Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:7 - Mukaddes Kitap

7 Şonda ysraýyllar perýat edip, Men-Rebden kömek sorap ýalbaranlarynda, Men olar bilen müsürlileriň aralygyny tüm-garaňkylyga gapladym. Men müsürlileriň üstüni deňziň suwy bilen örtüp, gark etdim. Siz Meniň müsürlilere näme edenimi öz gözleriňiz bilen gördüňiz. Soňra siz uzak wagtlap çölde ýaşadyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шонда ысрайыллар перят эдип, Мен-Ребден көмек сорап ялбаранларында, Мен олар билен мүсүрлилериң аралыгыны түм-гараңкылыга гапладым. Мен мүсүрлилериң үстүни деңзиң сувы билен өртүп, гарк этдим. Сиз Мениң мүсүрлилере нәме эденими өз гөзлериңиз билен гөрдүңиз. Соңра сиз узак вагтлап чөлде яшадыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:7
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraon olara ýakyn gelende, ine, birdenkä öz yzlaryndan müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler.


Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler.


Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler.


Soňra siz uzak wagtlap Kadeşbarneýada galdyňyz».


Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy.


Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, faraona, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Hudaý kyrk ýyllap kime gazaplandy? Günä edenlere dälmi näme? Olaryň jesetleri çölde serildi.


Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ