Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi.
Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler.
Bu gün siz Rebbiň öz Hudaýyňyz bolmagyny gazanyp, Onuň ýolundan ýörejekdigiňizi, Onuň parzlarydyr tabşyryklaryny we hökümlerini ýerine ýetirip, Oňa gulak asjakdygyňyzy mälim etdiňiz.
Eger siz Rebbi terk edip, keseki hudaýlara gulluk etseňiz, onda Ol size öň köp ýagşylyklar eden hem bolsa, sizden ýüz öwürer, näletläp, sizi ýok edip taşlar» diýdi.
Soňra Ýeşuwa ýene-de olara: «Rebbe gulluk etmegi saýlap alandygyňyza siziň özüňiz hakyky şaýatsyňyz» diýdi. Olar hem: «Hawa, biz şaýatdyrys!» diýip jogap berdiler.