Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:20 - Mukaddes Kitap

20 Eger siz Rebbi terk edip, keseki hudaýlara gulluk etseňiz, onda Ol size öň köp ýagşylyklar eden hem bolsa, sizden ýüz öwürer, näletläp, sizi ýok edip taşlar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Эгер сиз Ребби терк эдип, кесеки худайлара гуллук этсеңиз, онда Ол сизе өң көп ягшылыклар эден хем болса, сизден йүз өвүрер, нәлетләп, сизи ёк эдип ташлар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:20
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi, tutuş Ysraýylyň, Rebbiň jemagatynyň gözüniň alnynda, Hudaýa eşitdirip, men saňa Hudaýymyz Rebbiň ähli buýruklaryny ýerine ýetirmegi buýurýaryn. Şeýtseňiz şu eşretli topragyň eýesi bolarsyňyz we ony özüňizden soň nesilleriňize baky miras goýarsyňyz.


Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Çünki men patyşadan ýolda bizi duşmandan gorar ýaly esgerler we atlylary dilemäge çekindim. Biz patyşa: «Hudaýymyz Özüni agtarýanlaryň hemmesine merhemet edýär. Özünden ýüz öwrenleriň garşysyna bolsa Onuň gazaby güýçlüdir» diýip aýdypdyk.


Pitneçiler we günäkärler birlikde gyrlarlar, Rebbi terk edýänler-de ýok bolarlar.


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy! Seni terk edenleriň bary utanja galar. «Menden ýüz öwrenler toz-topraga siňip giderler, çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler».


Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler.


Emma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan: „Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde, Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?


Siziň çagalaryňyz we çagalaryňyzyň çagalary doglup, bu ýurtda uzak ýaşasaňyz, her hili zadyň şekilinde but ýasap azmaň. Bu Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda pis işdir, bu Onuň gaharyny getirýändir.


Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.


Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar, eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».


Adamlar Ýeşuwa: «Ýok! Biz Rebbe gulluk ederis!» diýdiler.


Emma Rebbe gulak asman, Onuň buýrugyna garşy baş göterseňiz welin, ata-babalaryňyza edişi ýaly, Reb size hem jeza berer.


Öz pis hereketleriňizden el çekmeseňiz welin, patyşaňyz bilen bile ýok edilersiňiz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ