Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:18 - Mukaddes Kitap

18 Biz bu ýere çozuş edenimizde, Reb bu ýerde ýaşaýan ähli amorlary biziň öňümizden kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Rebbe gulluk etjekdiris, sebäbi Ol biziň ýeke-täk Hudaýymyzdyr».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Биз бу ере чозуш эденимизде, Реб бу ерде яшаян әхли аморлары бизиң өңүмизден ковуп чыкарды. Шонуң үчин биз хем Реббе гуллук этҗекдирис, себәби Ол бизиң еке-тәк Худайымыздыр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:18
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.


Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň, ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».


Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy.


Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur.


Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.


Reb siziň öňüňizden beýik we güýçli milletleri kowup çykardy, şu wagta çenli olaryň ýekejesi hem siziň öňüňizde durup bilmedi.


Hudaýymyz Rebbiň Özi bizi we ata-babalarymyzy Müsür gulçulygyndan alyp çykdy we gözümiziň alnynda köp gudratly işleri etdi. Biziň ýöräp geçen bütin ýollarymyzda, ähli milletleriň arasynda Reb biziň janymyzy aman saklady.


Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ