Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:17 - Mukaddes Kitap

17 Hudaýymyz Rebbiň Özi bizi we ata-babalarymyzy Müsür gulçulygyndan alyp çykdy we gözümiziň alnynda köp gudratly işleri etdi. Biziň ýöräp geçen bütin ýollarymyzda, ähli milletleriň arasynda Reb biziň janymyzy aman saklady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Худайымыз Реббиң Өзи бизи ве ата-бабаларымызы Мүсүр гулчулыгындан алып чыкды ве гөзүмизиң алнында көп гудратлы ишлери этди. Бизиң йөрәп гечен бүтин ёлларымызда, әхли миллетлериң арасында Реб бизиң җанымызы аман саклады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:17
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma biziň Hudaýymyz Rebdir. Biz Ony terk etmedik. Bizde Rebbiň hyzmatynda durýan ruhanylar bar.


Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.


Garranyňyzda-da, Men Şolduryn, saçyňyz agaranda hem sizi götererin, sizi Men ýaratdym, Özüm götererin, Men göterip, sizi halas ederin.


Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, faraona, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz.


Öz halkydyr Rebbiň paýy, öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.


Öz gözüňiz bilen gören beýik synaglary, alamatlary, mugjyzalary, güýç-gudraty bilen Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden çykaryp getirdi. Hudaýyňyz Reb siziň gorkýan halklaryňyzyň hemmesini-de şeýle eder.


Soňra adamlar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Biz hiç wagt Rebbe dönüklik etmeris! Başga hudaýlara gulluk etmek bizden daş bolsun!


Biz bu ýere çozuş edenimizde, Reb bu ýerde ýaşaýan ähli amorlary biziň öňümizden kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Rebbe gulluk etjekdiris, sebäbi Ol biziň ýeke-täk Hudaýymyzdyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ