Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:15 - Mukaddes Kitap

15 Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Реббе гуллук этмеги макул гөрмесеңиз, онда шу гүн киме гуллук этҗекдигиңизи сайлаң: сиз Евфрат дерясының аңырсындакы ата-бабаларыңызың гуллук эден худайларына гуллук этҗекмисиңиз я-да хәзирки яшаян ериңиздәки аморларың худайларына? Эмма хоҗалыгым билен мен болса Реббе гуллук этҗекдирин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:15
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.


Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.


Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.


Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlaryna sežde ederler. Olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz.


«Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.


Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun: biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».


Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn.


Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.


Soňra adamlar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Biz hiç wagt Rebbe dönüklik etmeris! Başga hudaýlara gulluk etmek bizden daş bolsun!


Size Hudaýyňyz Reb Mendigimi, amorlaryň topragynda ýaşasaňyz-da, olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ