Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:14 - Mukaddes Kitap

14 Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden yhlas bilen gulluk ediň. Siz ata-babalaryňyzyň Ýewfrat derýasynyň aňyrsynda we Müsürde sežde eden hudaýlaryny taşlaň. Diňe Rebbe gulluk ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шонуң үчин хем инди сиз Ребден горкуң, Оңа ак йүрекден ыхлас билен гуллук эдиң. Сиз ата-бабаларыңызың Евфрат дерясының аңырсында ве Мүсүрде сежде эден худайларыны ташлаң. Диңе Реббе гуллук эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:14
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.


«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


Sen Öz gullaryň bolan pygamberleriňiň üsti bilen: „Eýelejek bolup barýan ýurduňyz ýerli halklaryň haramlyklary, nejislikleri bilen hapalanan ýurtdyr. Olar ony boýdan-başa öz haramlyklary bilen doldurdylar.


Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.


Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».


Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.


Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.


Çölde olaryň perzentlerine şeýle diýdim: „Ata-babalaryňyzyň parzlaryna eýermäň, hökümlerini berjaý etmäň, özüňizi olaryň butlary bilen haram etmäň.


Olar ýaşkalar Müsürde loly bolup, zyna etdiler. Ol ýerde olaryň mämeleri ellendi we gyz göwüsleri gysymlandy.


Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik düzgün bolsun“.


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!


Indi, eý, Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň.


Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesihiň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin.


Soňra Ýeşuwa ähli halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň ata-babalaryňyz mundan köp ýyl öň Ýewfrat derýasynyň boýunda ýaşap, başga hudaýlara gulluk etdiler. Olaryň biri hem Ybraýym bilen Nahoryň kakasy Terady.


Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Indi öz araňyzdaky keseki hudaýlary aýryp taşlaň we tutuş ýüregiňiz bilen Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň» diýdi.


Eger siz Rebden gorkup, Oňa gulluk etseňiz, Oňa gulak asyp, Rebbiň buýrugyna garşy baş götermeseňiz, siz we size hökümdarlyk edýän patyşa Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýerse, tutan işiňiz oňuna bolar.


Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi!


Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ