Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:12 - Mukaddes Kitap

12 Men iki amor hanyny howsala salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykardym. Siz olary öz gylyçlaryňyz bilen ýa-da ok-ýaýlaryňyz bilen ýeňmediňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен ики амор ханыны ховсала салып, олары сизиң өңүңизден ковуп чыкардым. Сиз олары өз гылычларыңыз билен я-да ок-яйларыңыз билен еңмедиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:12
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Güýçli eli, uzadan goly bilen, ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Ýat hudaý araňyzda bolmasyn, keseki hudaýa sežde etmegin.


Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni: eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!


Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Şunlukda, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ornaşdylar.


Musa Ýazer galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.


Reb amorlaryň hany Sihon bilen Ogy öldürip, olaryň ýurduny weýran edişi ýaly, bu halklary hem şeýle eder.


Ol bulary Iordanyň gündogarynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede, ýagny Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihonyň ýurdunda aýtdy. Musa bilen ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň amorlary derbi-dagyn etdiler.


Olar Sihonyň ýurduny we Başan hany Oguň ýurduny, ýagny Iordanyň gündogaryndaky bu iki amor hanynyň ýurduny özlerine mülk edip aldylar.


Mundan başga-da, Hudaýyňyz Reb diri galanlar we gaçgaklar ýok bolýança, olary howsala salar.


Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziň suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ