Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:11 - Mukaddes Kitap

11 Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Соңра сиз Иордан дерясындан гечип, Ерихо гелдиңиз. Ерихоның яшайҗылары хем эдил хетлер, аморлар, перизлер, кенганлар, гиргашлар, хивилер ве ябуслар ялы сизиң гаршыңыза чыкдылар, эмма Мен олары хем сизиң элиңизе бердим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.


Ölüm tanaplary maňa oraldy, ölüler dünýäsiniň sütemleri üstüme indi, meni jebir-jepa, gam-gussa basdy.


Reb dogry we merhemetli, biziň Hudaýymyz rehimli.


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin.


Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.


Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi.


Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy.


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.


Tutuş halk Iordan derýasyndan geçip bolandan soň, Reb Ýeşuwa:


Ysraýyllar Iordandan birinji aýyň onunjy güni çykdylar we Ýeriho galasynyň gündogar tarapyndaky Gilgalda düşlediler.


Çünki Gyzyl deňizden geçenimizde, Hudaýyňyz Rebbiň biziň üçin onuň suwuny guradyşy ýaly, siz geçýänçäňiz Iordanyň suwuny-da guradandygyny olara aýdyň.


Olaryň hemmesi birleşip, Ýeşuwanyň we ysraýyllaryň garşysyna söweşe çykdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ