Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 24:1 - Mukaddes Kitap

1 Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli ysraýyl tirelerini Şekeme ýygnady. Olaryň arasyndan Ysraýylyň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olaryň özleri gelip, Hudaýyň huzurynda durdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шейлеликде, Ешува әхли ысрайыл тирелерини Шекеме йыгнады. Оларың арасындан Ысрайылың яшулуларыны, баштутанларыны, казыларыны ве ёлбашчыларыны чагырды. Оларың өзлери гелип, Худайың хузурында дурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 24:1
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.


Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.


Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi.


Onsoň Ýoşyýa patyşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny çagyrdyp, öz ýanyna toplady.


Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».


Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly, bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň.


Şeýlelik bilen, olar Naftaly daglygynda Jelilede Kedeş galasyny, Efraýym daglygynda Şekemi we Ýahuda daglygynda Kirýatarbany (Hebrony) bellediler.


Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy.


Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ