Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:7 - Mukaddes Kitap

7 Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Араңызда галып, яшап йөрен бу гелмишек миллетлер билен гарышмаң, оларың худайларының атларыны агзамаң, оларың адындан ант ичмәң, олара гуллук эдип, сежде этмәң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:7
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbiň: «Siz butlara sežde etmäň» diýip aýdan sözüne gulak asman, butlara sežde etdiler.


Emma Reb meni şu işde bagyşlasyn: jenabym sežde etmek üçin Rimmon buthanasyna girende, meniň elimden ýapyşýar. Şonda men hem Rimmon buthanasynda onuň bilen sežde etmeli bolýaryn. Men ol ýerde sežde edenimde, goý, Reb men–guluňy bu iş üçin bagyşlasyn».


Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.


Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn».


Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz».


Erbediň ýodasyna gadam basma, ýöreme ýamanlaryň ýolundan.


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


«Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.


«Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn, olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Nebo, Bagalmegon (olar käbir galanyň atlaryny çalyşdylar) we Sibma galasyny täzeden gurdular. Olar täzeden guran galalaryna başga atlar dakdylar.


Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler.


Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.


Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň.


Başga hudaýlaryň, daş-töweregiňizdäki halklaryň hudaýlarynyň hiç biriniň yzyna düşmäň.


Emma siz Rebden ýüz öwrüp, araňyzda diri galan beýleki milletlere goşulsaňyz, olar bilen gyz alşyp-berşip, garyndaşlyk açsaňyz,


Diňe şu günki bolşuňyz ýaly, Hudaýyňyz Rebbe bil baglaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ