Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:6 - Mukaddes Kitap

6 Şonuň üçin hem Musanyň Kanun kitabyndaky ýazylanlaryň baryna boýun egip, ony doly ýerine ýetirmekde örän mert duruň. Ondan hiç ýana sowulmaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шонуң үчин хем Мусаның Канун китабындакы языланларың барына боюн эгип, оны долы ерине етирмекде өрән мерт дуруң. Ондан хич яна совулмаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:6
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar.


Kyn günümde menden ýüzüňi sowma, gulak goý maňa, çagyran günümde maňa tizräk jogap bersene.


«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer.


Başga hudaýlara gulluk etmek üçin, olaryň yzyna düşmeseňiz, meniň bu günki berýän buýruklarymyň hijisinden ýüz öwürmeseňiz, olardan saga-sola sowulmasaňyz, siz diňe belentde bolarsyňyz, pesde bolmarsyňyz.


Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň.


Günä garşy alyp barýan söweşiňizde, siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ