Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:3 - Mukaddes Kitap

3 Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleriň baryny nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Худайыңыз Реббиң сизиң бәхбидиңиз үчин бу миллетлериң барыны нәхили гүне саландыгына өзүңиз гөзли шаятсыңыз. Сизиң үчин сөвешен Худайыңыз Реббиң хут Өзүдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:3
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.


„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Muny öz gözleriňiz bilen görüp: „Reb Ysraýyl serhedinden daşarda hem beýikdir!“ diýersiňiz».


Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir.


Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“.


Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.


Siz öz-özüňize: „Bu halklaryň sany biziňkiden köp, biz bulary nädip kowup çykararkak?“ diýip,


Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez.


Rebbiň adamzadyň sesini eşiden şol güni ýaly gün öňde-soňda hiç haçan bolmandy, çünki Reb ysraýyllar üçin söweşdi.


Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi.


Siziň biriňiz olaryň müňüsini gaçyrdyňyz, sebäbi Hudaýyňyz Reb edil söz berşi ýaly, siziň tarapyňyzda söweşdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ