Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ешува әхли ысрайыллары, оларың яшулуларыны, баштутанларыны, казыларыны ве ёлбашчыларыны янына чагырып, олара шейле дийди: «Инди мениң көпүм гечип, азым галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:2
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut patyşa garrap, ýaşy birçene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylnyp bilenokdy.


Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady.


Dawut Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryny, ruhanylary hem-de lewileri ýanyna çagyrdy.


Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna,


Dawut Ysraýylyň ähli baştutanlaryny: tirebaşylary, patyşa gullugyndaky bölümleriň goşunbaşylaryny, müňbaşylardyr ýüzbaşylary, patyşanyň hem-de ogullarynyň mülklerine, mallaryna seredýänleriň baştutanlaryny, köşk emeldarlaryny, edermen esgerleri we batyr ýigitleriň ählisini Iýerusalime toplady.


Tireleriňiziň ähli ýaşulularyny we baştutanlaryňyzy meniň ýanyma ýygnaň. Men bu sözleri olara eşitdirip aýtjak. Goý, asman bilen ýer olara garşy şaýat bolsun.


Ýeşuwa garrap, gojalyk ýaşyna ýetende, Reb oňa şeýle diýdi: «Indi sen örän garradyň, emma basylyp alynmaly ýerler entek gaty kän.


Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleriň baryny nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir.


Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli ysraýyl tirelerini Şekeme ýygnady. Olaryň arasyndan Ysraýylyň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olaryň özleri gelip, Hudaýyň huzurynda durdular.


Ine, indi size baş bolýan patyşaňyz hem bar. Men indi garradym, saç-sakgalym agardy. Ogullarym hem siziň araňyzda. Men ýaşlygymdan tä şu güne çenli size baş boldum.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ