Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:15 - Mukaddes Kitap

15 Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň her bir ajaýyp wadasynyň hakykata öwrülişi dek, Özüniň beren oňat ýerinden sizi ýok edýänçä, başyňyzdan bela-beterleri-de inderer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Йөне Худайыңыз Реббиң хер бир аҗайып вадасының хакыката өврүлиши дек, Өзүниң берен оңат еринден сизи ёк эдйәнчә, башыңыздан бела-бетерлери-де индерер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:15
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Ýewfrat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getirdiler.


«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi.


Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Bu halkyň başyna şu elhenç betbagtlygy nähili getiren bolsam, olara häzirki söz beren ähli ýagşylyklarymy-da şeýle getirerin.


Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».


Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer.


Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Şol sebäpli Reb kyrk ýyllap ysraýyllary piliştlileriň eline berdi.


Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb hem Mowap patyşasy Eglony ysraýyllaryň garşysyna güýçlendirdi, sebäbi ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler.


Şol sebäpden Rebbiň Ysraýyla gahary gelip, olary Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymyň eline tabşyrdy. Ysraýyllar sekiz ýyllap Kuşan-rişataýymyň gol astynda boldular.


Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etmäge başladylar. Reb olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ