Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:14 - Mukaddes Kitap

14 Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmandygyny siziň hut özüňiz mese-mälim bilýäňiz. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ине, гөршүңиз ялы, мениң саналгым долды. Худайыңыз Реббиң сизе берен әхли аҗайып вадаларының екеҗеси хем ерине етмән галмандыгыны сизиң хут өзүңиз месе-мәлим билйәңиз. Онуң хер бир сөзи амала ашды, екеҗеси хем хакыката өврүлмән галмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ölüm pursady golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi uýlugymyň astynda goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.


«Her kes kimin men-de dünýäden ötmeli pursadym golaý geldi. Sen tutanýerli bol, mert bol.


«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi.


Bilýän men, başymdan ölüm inderjegiňi, ähli diriler üçin taýynlan ýeriňe äkitjekdigiňi.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Ynsanyň takdyrynda bir gezek ölüm bardyr, ondan soň Hudaýyň öňünde hasap bermelidir.


Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ