Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma siz Rebden ýüz öwrüp, araňyzda diri galan beýleki milletlere goşulsaňyz, olar bilen gyz alşyp-berşip, garyndaşlyk açsaňyz,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма сиз Ребден йүз өврүп, араңызда дири галан бейлеки миллетлере гошулсаңыз, олар билен гыз алшып-бершип, гарындашлык ачсаңыз,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:12
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar.


Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy.


Reb ysraýyl ogullaryna: «Siz keseki milletlerden gyz alşyp-berişmäň, çünki olar hökman sizi öz hudaýlaryna sežde etdirerler» diýip aýdan milletlerindendiler. Emma Süleýman muňa garamazdan şu aýallara öýlendi.


Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady.


Gözýaş bilen ekin ekenler, heşelle kakyp, hasyl orarlar.


Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler.


Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary bu ýerden ýok ederin».


Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar».


Şondan soň şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler we Onuň yzyna eýermegi bes etdiler.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


Çünki araňyzdaky Hudaýyňyz Reb gabanjaň Hudaýdyr. Hudaýyňyz Rebbiň gazaby size garşy tutaşsa, Ol sizi ýer ýüzünden ýok edip taşlar.


Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň.


Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar.


Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbi jan-tenden söýüň.


Özüniň nurda ýaşaýandygyny aýdyp-da, doganyny ýigrenýän adam henizem tümlükdedir.


Emma ejesi bilen kakasy oňa: «Näme üçin sen sünnetsiz piliştli halkdan gyz aljak bolýarsyň? Näme özli-özüňde, tutuş ilimizde sen öýlener ýaly gyz ýokmy?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Maňa şony alyp ber, sebäbi ol meniň göwnüme ýarady» diýdi.


Olar bilen gyz alşyp-berişdiler, olaryň hudaýlaryna gulluk etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ