Meniň bu gün tabşyryşym ýaly, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Onuň tabşyryklaryny, parzlarydyr hökümlerini berjaý etseňiz, onda siz ýaşarsyňyz we köpelersiňiz. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizde Hudaýyňyz Reb sizi ýalkar.
Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir».
Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.
Emma Rebbiň guly Musanyň size beren buýruklaryny we kanunyny doly berjaý ediň. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, ähli ýerde Onuň ýolundan ýöräň, tabşyryklaryny ýerine ýetiriň, Oňa bil baglaň we bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk ediň».