Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:10 - Mukaddes Kitap

10 Siziň biriňiz olaryň müňüsini gaçyrdyňyz, sebäbi Hudaýyňyz Reb edil söz berşi ýaly, siziň tarapyňyzda söweşdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Сизиң бириңиз оларың мүңүсини гачырдыңыз, себәби Худайыңыз Реб эдил сөз берши ялы, сизиң тарапыңызда сөвешди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:10
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň batyr ýigitleriniň atlary, ine, şulardyr: tahkemonly Ýoşe Başebet. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde sekiz ýüz adamy öldürdi.


Olar uruşda Hudaýa ahy-nala edip, kömek alandyklary üçin, hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ählisini ele saldylar. Hudaý olaryň ahy-nalasyna jogap berdi, çünki olar Oňa ynandylar.


Köp adam öldi, sebäbi bu uruş Hudaýdandy. Şeýdip, rubenler, gatlar hem-de gündogardaky manaşa tiresi tä sürgünlik döwrüne çenli hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ýerlerinde ýaşadylar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury.


Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!


Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.


Bir kişiniň haýbatyndan müň kişi gaçar, bäş kişiniň haýbatyndan siz gaçarsyňyz, aman galanlaryňyz dagyň depesindäki baýdak syrygy, depedäki baýdak kimin bolarsyňyz.


Siz duşmanlaryňyzdan üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz.


Bäşiňiz ýüzden, ýüziňiz müňden üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Ruhany olara şeýle diýsin: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz sarsmasyn, aljyrap, dowla düşmäň.


Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“.


Reb size garşy baş göteren duşmanlaryňyzy siziň öňüňizde derbi-dagyn eder. Olar siziň üstüňize bir tarapdan çozup, yzlaryna çar tarapa gaçarlar.


Olardan gorkmaň, çünki siz üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir“ diýdim».


Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, biwepa perzentlerdir.


Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?


Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi.


Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbi jan-tenden söýüň.


Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleriň baryny nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir.


Ol ýaňy ölen eşegiň guramadyk äňini tapyp, eline aldy-da, onuň bilen urup, müň adamy öldürdi.


Ehutdan soň Anat ogly Şamgar peýda boldy. Ol hem padyman taýagy bilen piliştlilerden alty ýüz adamy öldürip, Ysraýyly olaryň elinden halas etdi.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ