Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 23:1 - Mukaddes Kitap

1 Rebbiň ysraýyllara daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan parahatçylyk bereninden bäri köp wagt geçipdi we Ýeşuwanyň hem ýaşy birçene baryp, gojalyk ýaşyna ýetipdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реббиң ысрайыллара даш-төверегиндәки әхли душманларындан парахатчылык беренинден бәри көп вагт гечипди ве Ешуваның хем яшы бирчене барып, гоҗалык яшына етипди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 23:1
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut patyşa garrap, ýaşy birçene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylnyp bilenokdy.


Öň Dawut şeýle diýipdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halkyna dynçlyk berdi; Ol Iýerusalimde müdimilik ýaşaýar.


Ysraýyllaryň, olaryň kowumbaşylarynyň, müňbaşylarydyr ýüzbaşylarynyň hem-de beýleki emeldarlarynyň sanawy aşakdaky ýalydyr. Olar aýba-aý gelip, bölümleriň ähli işlerinde patyşa gulluk edýärdiler. Her bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.


Abyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy. Onuň döwründe ýurt on ýyl asudalykda ýaşady.


Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky seždegähleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady.


Ýehoşapadyň ýurdy asudalykda boldy, çünki Hudaý olara hemme tarapdan asudalyk beripdi.


Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.


Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.


«Men häzir bir ýüz ýigrimi ýaşymda. Mundan beýläk men baştutan bolup biljek däl. Reb maňa: „Sen Iordandan aňry geçmersiň“ diýdi.


Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


Ýeşuwa garrap, gojalyk ýaşyna ýetende, Reb oňa şeýle diýdi: «Indi sen örän garradyň, emma basylyp alynmaly ýerler entek gaty kän.


Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi.


Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.


Ine, indi size baş bolýan patyşaňyz hem bar. Men indi garradym, saç-sakgalym agardy. Ogullarym hem siziň araňyzda. Men ýaşlygymdan tä şu güne çenli size baş boldum.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ