Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 22:5 - Mukaddes Kitap

5 Emma Rebbiň guly Musanyň size beren buýruklaryny we kanunyny doly berjaý ediň. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, ähli ýerde Onuň ýolundan ýöräň, tabşyryklaryny ýerine ýetiriň, Oňa bil baglaň we bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk ediň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Эмма Реббиң гулы Мусаның сизе берен буйрукларыны ве кануныны долы берҗай эдиң. Худайыңыз Ребби сөйүң, әхли ерде Онуң ёлундан йөрәң, табшырыкларыны ерине етириң, Оңа бил баглаң ве бүтин йүрегиңиз билен җан-тенден Оңа гуллук эдиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 22:5
50 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.


Çünki olar ýuwutdylar Ýakup halkyny, wes-weýran etdiler onuň ýurduny.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.


Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn».


Siz öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn.


Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň.


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge, ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz, mukaddeslik hem dogrulyk bilen gulluk etmäge mümkinçilik berdi.


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Sebäbi Özüne degişli bolup, gulluk edýän Hudaýym düýn gije bir perişdesini ýanyma iberdi.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň.


Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk etseňiz,


Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöräp, Oňa bil baglap, meniň size berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirseňiz,


Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýeriň, diňe Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň, Oňa gulak asyň, gulluk ediň, Oňa bil baglaň.


Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz.


Hudaýyňyz Rebbe wepaly bolanlaryňyzyň hemmesi bu gün diri.


Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler.


Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.


Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.


Hudaýyňyz Rebbiň özüňize buýran tabşyryklaryny, düzgünleridir parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetiriň.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Diňe şu günki bolşuňyz ýaly, Hudaýyňyz Rebbe bil baglaň.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


Şamuwel halka şeýle diýdi: «Hawa, siz pis işlere baş goşduňyz, ýöne şonda-da gorkmaň. Rebden ýüz öwürmäň-de, tutuş kalbyňyz bilen Oňa gulluk ediň.


Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi!


Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ