Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 22:30 - Mukaddes Kitap

30 Pinehas ruhany we onuň bilen gelen jemagat baştutanlary, Ysraýyl tireleriniň urugbaşylary rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň aýdanlaryny eşidenlerinde, bu sözlerden hoşal boldular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Пинехас руханы ве онуң билен гелен җемагат баштутанлары, Ысрайыл тирелериниң уругбашылары рубенлериң, гатларың ве гүндогардакы манаша тиресиниң айданларыны эшиденлеринде, бу сөзлерден хошал болдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 22:30
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysaw Kengan gyzlaryny kakasynyň halamaýandygyny bilip, Ysmaýylyň ýanyna gitdi we beýleki aýallarynyň üstüne Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Mahalata öýlendi.


Bu niýet patyşanyň we halkyň gözüne dogry göründi.


Bu maslahat patyşanyň hem-de onuň begleriniň göwnünden turdy we patyşa edil Memukanyň aýdyşy ýaly hem etdi.


Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar.


Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.


Mukaddes çadyryň öňünde duran Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga üýtgeşik gurbanlyk sypasyny gurmak we onda ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa-da mal sadakasyny berip, Rebbi äsgermezlik edip, Ony ret etmeklik bizden daş bolsun!»


Elgazar ruhanynyň ogly Pinehas rubenlere, gatlara we gündogardaky manaşa tiresine: «Häzir biz Rebbiň öz aramyzdadygyny bilýäris, sebäbi siz Rebbe garşy dönüklik etmänsiňiz, gaýtam, siz bütin ysraýyl halkyny Rebbiň jezalandyrmagyndan halas etdiňiz» diýdi.


Şeýlelikde, ysraýyllar olaryň eden işinden hoşal boldular we Hudaýa alkyş aýtdylar. Şundan soň olar rubenleriň we gatlaryň ýaşaýan ýerlerine çozup, olar bilen uruş etmek we olary tozdurmak hakynda kelam agyz söz aýtmadylar.


Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi.


Şondan soň Akyş han Dawudy çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, sen bir dogruçyl adam. Maňa galsa seniň bilen bile söweşe giderdim. Ýanyma gelen günüňden tä şu güne çenli senden ýaramazlyk çykanyny görmedim. Şonda-da hanlara ýaranyp bilmeýärsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ