Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 22:29 - Mukaddes Kitap

29 Mukaddes çadyryň öňünde duran Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga üýtgeşik gurbanlyk sypasyny gurmak we onda ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa-da mal sadakasyny berip, Rebbi äsgermezlik edip, Ony ret etmeklik bizden daş bolsun!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Мукаддес чадырың өңүнде дуран Худайымыз Реббиң гурбанлык сыпасындан башга үйтгешик гурбанлык сыпасыны гурмак ве онда якма гурбанлыгыны, галла садакасыны я-да мал садакасыны берип, Ребби әсгермезлик эдип, Оны рет этмеклик бизден даш болсун!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 22:29
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, beýle iş etmekden Hudaýyň Özi saklasyn. Käse kimden çykan bolsa diňe şol maňa gul bolar, galanlaryňyz bolsa sag-salamat kakaňyzyň ýanyna dolanarsyňyz».


Olar şeýle diýdiler: «Näme sebäpden biziň jenabymyz beýle diýýärkä? Beýle iş etmändigimize biz ant içýäris.


Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi.


Eger sen maňa: „Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys“ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň“ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme?


Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz diňe bir gurbanlyk sypanyň öňünde sežde edip, şonuň üstünde gurbanlyk ýakyň“ diýip, Rebbe bagyş eden seždegähleri, gurbanlyk sypalaryny ýykan şu Hizkiýa dälmi näme?


Elbetde, ýok! Hudaý adyldyr. Eger şeýle bolmasa, Ol heý-de dünýä kazylyk edip bilermi?!


Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?


Muňa näme diýeli? Eýsem Hudaý adalatsyzmydyr? Elbetde, ýok!


Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň.


Eger biz gurbanlyk sypamyzy Rebbi ret etmek üçin guran bolsak, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny ýa galla sadakasyny, ýa-da salamatlyk gurbanlygyny bermek üçin guran bolsak, onda Rebbiň Özi bize berk jeza bersin.


biz öz gurbanlyk sypamyzy gurmagy ýüregimize düwdük. Bu ýakma gurbanlygy üçin hem däl, mal sadakasy üçin hem däl.


Şeýle hem, biz belli bir netijä geldik, haçan hem bolsa bir wagt olar bize we biziň nesillerimize şeýle diýäýseler, biz olara: „Ata-babalarymyzyň Rebbe guran bu gurbanlyk sypasynyň nusgasyna serediň, bu ýakma gurbanlygy ýa-da mal sadakasy üçin däl-de, siz bilen biziň aramyzda subutnama bolmagy üçindir“ diýeris.


Pinehas ruhany we onuň bilen gelen jemagat baştutanlary, Ysraýyl tireleriniň urugbaşylary rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň aýdanlaryny eşidenlerinde, bu sözlerden hoşal boldular.


Soňra adamlar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Biz hiç wagt Rebbe dönüklik etmeris! Başga hudaýlara gulluk etmek bizden daş bolsun!


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ