Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 22:28 - Mukaddes Kitap

28 Şeýle hem, biz belli bir netijä geldik, haçan hem bolsa bir wagt olar bize we biziň nesillerimize şeýle diýäýseler, biz olara: „Ata-babalarymyzyň Rebbe guran bu gurbanlyk sypasynyň nusgasyna serediň, bu ýakma gurbanlygy ýa-da mal sadakasy üçin däl-de, siz bilen biziň aramyzda subutnama bolmagy üçindir“ diýeris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Шейле хем, биз белли бир нетиҗә гелдик, хачан хем болса бир вагт олар бизе ве бизиң несиллеримизе шейле дийәйселер, биз олара: „Ата-бабаларымызың Реббе гуран бу гурбанлык сыпасының нусгасына середиң, бу якма гурбанлыгы я-да мал садакасы үчин дәл-де, сиз билен бизиң арамызда субутнама болмагы үчиндир“ диерис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 22:28
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Labanyň: «Şu daş depesi bize şaýat bolsun» diýendigine görä, ol ýere Galet diýen at galdy.


Ahaz patyşa Aşur patyşasy Tiglatpileseri garşylamak üçin Damaska baranda, Damaskdaky gurbanlyk sypasyny görüp, onuň nusgasyny we teswirini edil bolşy ýaly edip, Uryýa ruhana iberdi.


Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň.


Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler.


Olar ýerdäki Mukaddes çadyrda hyzmat edýärler. Bu çadyr bary-ýogy gökdäki hakyky Çadyryň görnüşi we kölegesidir. Şonuň üçin hem Hudaý Mukaddes çadyry nähili ýasamalydygy barada Musa şeýle görkezme beripdi: «Ähli zady dagda özüňe görkezilen nusganyň esasynda ýasarsyň».


Emma bu siz bilen biziň we soňky nesillerimiziň arasynda subutnama bolmagy üçindir. Munda biz öz ýakma gurbanlyklarymyz, mal sadakalarymyzy we salamatlyk gurbanlyklarymyzy bermek bilen Rebbiň öňündäki borçlarymyzy Onuň huzurynda ýerine ýetireris. Wagt gelende, siziň nesilleriňiz biziň nesillerimize: „Siziň Rebde paýyňyz ýok“ diýip, hiç haçan aýdyp bilmezler.


Mukaddes çadyryň öňünde duran Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga üýtgeşik gurbanlyk sypasyny gurmak we onda ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa-da mal sadakasyny berip, Rebbi äsgermezlik edip, Ony ret etmeklik bizden daş bolsun!»


Ol ähli halka ýüzlenip: «Görýäňizmi, şu daş biziň üçin subutnama bolar. Bu daş Rebbiň bize aýdan ähli sözlerini eşitdi. Eger siz Rebbe dönüklik edäýseňiz, bu daş size garşy subutnama bolar!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ