Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 22:27 - Mukaddes Kitap

27 Emma bu siz bilen biziň we soňky nesillerimiziň arasynda subutnama bolmagy üçindir. Munda biz öz ýakma gurbanlyklarymyz, mal sadakalarymyzy we salamatlyk gurbanlyklarymyzy bermek bilen Rebbiň öňündäki borçlarymyzy Onuň huzurynda ýerine ýetireris. Wagt gelende, siziň nesilleriňiz biziň nesillerimize: „Siziň Rebde paýyňyz ýok“ diýip, hiç haçan aýdyp bilmezler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Эмма бу сиз билен бизиң ве соңкы несиллеримизиң арасында субутнама болмагы үчиндир. Мунда биз өз якма гурбанлыкларымыз, мал садакаларымызы ве саламатлык гурбанлыкларымызы бермек билен Реббиң өңүндәки борчларымызы Онуң хузурында ерине етирерис. Вагт геленде, сизиң несиллериңиз бизиң несиллеримизе: „Сизиң Ребде пайыңыз ёк“ дийип, хич хачан айдып билмезлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 22:27
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Labanyň: «Şu daş depesi bize şaýat bolsun» diýendigine görä, ol ýere Galet diýen at galdy.


Biri-birimiziň tarapymyza ýaman niýet bilen geçmeli däldigimize, goý, ine, şu üýşmek bilen şu dikme daş şaýatlyk etsin.


Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy, meniň aýaklarym taýmady.


Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler.


Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň.


Ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganda Iordanyň golaýyna gelip, derýanyň ýakasynda äpet bir gurbanlyk sypasyny bina etdiler.


biz öz gurbanlyk sypamyzy gurmagy ýüregimize düwdük. Bu ýakma gurbanlygy üçin hem däl, mal sadakasy üçin hem däl.


Şeýle hem, biz belli bir netijä geldik, haçan hem bolsa bir wagt olar bize we biziň nesillerimize şeýle diýäýseler, biz olara: „Ata-babalarymyzyň Rebbe guran bu gurbanlyk sypasynyň nusgasyna serediň, bu ýakma gurbanlygy ýa-da mal sadakasy üçin däl-de, siz bilen biziň aramyzda subutnama bolmagy üçindir“ diýeris.


Rubenler we gatlar gurbanlyk sypasyna «Subutnama» diýip at berdiler. Olar: «Çünki bu biziň aramyzda Rebbiň Hudaýdygynyň subutnamasydyr» diýdiler.


Ol ähli halka ýüzlenip: «Görýäňizmi, şu daş biziň üçin subutnama bolar. Bu daş Rebbiň bize aýdan ähli sözlerini eşitdi. Eger siz Rebbe dönüklik edäýseňiz, bu daş size garşy subutnama bolar!» diýdi.


Şamuwel bir daşy alyp, ony Mispa bilen Şeniň arasynda dikeldip goýdy we «Reb bize şu güne çenli ýardam etdi» diýip, ol şol ýeri Ebenezer diýip atlandyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ