Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 22:25 - Mukaddes Kitap

25 Reb Iordan derýasyny biziň bilen siziň araňyzda araçäk edip goýdy. Siziň Rebde hiç hili paýyňyz ýok diýmezlikleri üçin, şeýle hem, siziň nesilleriňiz biziňkilere Rebbe sežde etmäge ýol goýar ýaly,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Реб Иордан дерясыны бизиң билен сизиң араңызда арачәк эдип гойды. Сизиң Ребде хич хили пайыңыз ёк диймезликлери үчин, шейле хем, сизиң несиллериңиз бизиңкилере Реббе сежде этмәге ёл гояр ялы,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 22:25
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».


Bu Ýarobgamyň Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.


Onsoň men olara: «Gögüň Hudaýy işimizi oňuna salar. Onuň gullary bolan biz gurluşyk işine başlarys. Emma siziň welin, Iýerusalimde ne paýyňyz, ne-de hak-hukuklaryňyz bar» diýip jogap berdim.


Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy, meniň aýaklarym taýmady.


Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiňe düwen niýetiň Hudaýyň nazarynda dogry däl.


Hakykatda bolsa, biz muny ätiýaçlyk üçin etdik, sebäbi wagt geler, şonda siziň nesilleriňiziň biziň nesillerimizden: „Ysraýyl Hudaýy Reb bilen siziň näme işiňiz bar?“ diýip sorarlar.


biz öz gurbanlyk sypamyzy gurmagy ýüregimize düwdük. Bu ýakma gurbanlygy üçin hem däl, mal sadakasy üçin hem däl.


Emma bu siz bilen biziň we soňky nesillerimiziň arasynda subutnama bolmagy üçindir. Munda biz öz ýakma gurbanlyklarymyz, mal sadakalarymyzy we salamatlyk gurbanlyklarymyzy bermek bilen Rebbiň öňündäki borçlarymyzy Onuň huzurynda ýerine ýetireris. Wagt gelende, siziň nesilleriňiz biziň nesillerimize: „Siziň Rebde paýyňyz ýok“ diýip, hiç haçan aýdyp bilmezler.


Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ