Ol özi üçin iň mes ýeri saýlady. Çünki halk baştutanlarynyň ýygnagynda serdaryň paýy oňa berlendir. Ysraýyl üçin Rebbiň adalatyny, Onuň hökümini ol ýerine ýetirdi».
Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».