Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 21:45 - Mukaddes Kitap

45 Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren ajaýyp wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

45 Реббиң Ысрайыл несиллерине берен аҗайып вадаларындан екеҗе сөзи хем ерине етмән галмады. Оларың әхлиси хакыкат йүзүнде берҗай болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 21:45
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum.


Sen Öz guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy.


«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi.


Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.


«Geçmişdäkileri owaldan Men beýan etdim, Meniň agzymdan çykdy, Men olary bildirdim; duýdansyz şeýle etdim, olar berjaý boldy.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.


Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ