Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 21:44 - Mukaddes Kitap

44 Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Реб оларың ата-бабаларына сөз берши ялы, олара әхли тарапдан парахатчылык берди. Оларың душманларының екеҗеси хем оларың өңүнде дуруп билмеди. Реб оларың душманларыны өз эллерине берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 21:44
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyllar ýahudalardan gaçdylar. Hudaý ysraýyllary ýahudalaryň eline berdi.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi.


Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.


Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi.


Duşmanlaryňyza garşy urşa çykanyňyzda, Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berse, siz hem olary ýesir alsaňyz


Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.


«Rebbiň guly Musanyň aýdanlaryny ýadyňyza salyň. Ol size: „Hudaýyňyz Reb siziň rahatlygyňyz üçin bu topragy size berýär“ diýipdi.


Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».


Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.


Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.


Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.


Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.


Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar.


Rebbiň ysraýyllara daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan parahatçylyk bereninden bäri köp wagt geçipdi we Ýeşuwanyň hem ýaşy birçene baryp, gojalyk ýaşyna ýetipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ