Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 21:43 - Mukaddes Kitap

43 Ine, Reb ysraýyllaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýeriniň ählisini olara berdi. Olar bu ýerleri eýeläp, ol ýerde ýaşadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

43 Ине, Реб ысрайылларың ата-бабаларына ант ичип сөз берен ериниң әхлисини олара берди. Олар бу ерлери эеләп, ол ерде яшадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 21:43
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin.


Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny özümiziň häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýurdumyzy eýelemegiň üçin, goý, Ol saňa we seniň nesilleriňe Ybraýyma beren patasyny bersin!»


Olar ýurtda mesgen tutdular, ol ýerde Seniň adyňa mukaddes öý bina edip, şeýle diýdiler:


Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň.


Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.


Emma Ol gudratyny bildirmek üçin, Öz adynyň hatyrasyna olary halas eýledi.


Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen, merhemet saçylýar seniň diliňden; şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.


Ýurdy basyp alyp, ol ýerde mesgen tutsunlar, çünki Men ony olara mülk edip berdim.


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir.


Siz Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýerini eýelemäge gideniňizde we ony eýeläp, ol ýerde ýaşanyňyzda,


Hudaýyňyz Reb siziň eýelejek ýeriňizdäki halklary siziň öňüňizden ýok edende we olary kowup çykaryp, ýerine özüňiz ornaşanyňyzda


Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ine, seniň nesilleriňe bermegi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerim şudur. Men saňa ony öz gözleriň bilen görmäge rugsat berýärin, emma sen ol tarapa geçmersiň».


Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.


Şol galalaryň her biriniň daş-töweregini öri meýdan gurşap alýardy. Öri meýdansyz ýekeje-de gala ýokdy.


Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris.


Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ