Ýeriýa hebronlaryň baştutanydy. Dawudyň patyşalygynyň kyrkynjy ýylynda olaryň nesil daragtlaryna seredildi. Şonda Gilgatdaky Ýazerde hebronlaryň arasyndan edermen adamlar tapyldy.
Eý, Sibmanyň üzüm agajy! Saňa Ýasere aglan agymdan-da köp aglaryn. Seniň şahalaryň deňze, Ýazer deňzine ýetdi. Heläkleýji tomus miweleriňi, üzüm hasylyňy weýran etdi.
Ruben tiresiniň mülküne Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň tekizlikdäki ähli galalary we hanlygy degişlidir. Musa Sihony we ýurdunda ýaşap, onuň tarapdary bolan Midýan hanlaryny: Ewini, Rekemi, Sury, Hury we Rebany basyp aldy.