Soňra Asa patyşa Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitmäge ýahudalara buýruk berdi. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Benýamindäki Geba galasyny we Mispa galasyny berkitdi.
Ýoşyýa ýahuda galalaryndan ähli ruhanylary getirip, Gebadan Beýerşeba çenli ruhanylaryň ýakymly ysly tütetgi ýakýan seždegählerini harama çykardy. Ýoşyýa şäher häkimi Ýeşuwanyň şäher derwezesiniň çep tarapyndaky girelgesindäki seždegähleri ýok etdi.
Benýamin tiresiniň topragyndan hem öri meýdanlary bilen bilelikde Geba, öri meýdanlary bilen bilelikde Alemet hem-de öri meýdanlary bilen bilelikde Anatot berildi. Olaryň ähli galalary nesilleriniň sanyna görä on üçdür.
Ehudyň nesilleri Nagaman, Ahyýa we Gerady. Olar Geba halkynyň kowumbaşylarydy. Olar kowlup çykarylyp, Manahata ýesir edilip äkidildiler. Uza bilen Ahyhudyň kakasy Gera bulary göçüripdi.
Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.