Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 20:9 - Mukaddes Kitap

9 Bu galalar ähli ysraýyllar we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin gaçybatalga hökmünde bellenildi. Adamy tötänlikde öldüren ganhor şol galalara gaçyp baryp, ondan ar almakçy bolýan hossarlardan başyny gutaryp biler. Jemagat maslahatlaşyp, adalatly höküm çykarýança, ol ganhor şol galada howpsuzlykda ýaşap biler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Бу галалар әхли ысрайыллар ве оларың арасында яшаян гелмишеклер үчин гачыбаталга хөкмүнде белленилди. Адамы төтәнликде өлдүрен ганхор шол галалара гачып барып, ондан ар алмакчы болян хоссарлардан башыны гутарып билер. Җемагат маслахатлашып, адалатлы хөкүм чыкарянча, ол ганхор шол галада ховпсузлыкда яшап билер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 20:9
5 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özüňiz üçin jemi alty sany gaçybatalga galasyny belläň:


Bu alty gala ysraýyllara we araňyzda ýaşaýan gelmişeklere, göçüp gelenlere gaçybatalga bolup hyzmat etsin. Tötänlikde adam öldürip, ganhor bolan adam ol ýere gaçyp biler.


Kimde-kim şol galalaryň birine gaçyp barsa, ol adam galanyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bersin. Olar ol adamy öz ýaşaýjylarynyň biri hökmünde kabul edip, oňa öz aralarynda galada ýaşamaga orun bererler.


Jemagat üýşüp, ganhor barada höküm çykarýança we tä şol wagtky baş ruhany ölýänçä, goý, ol şol galada ýaşabersin. Soňra ol gaçyp gaýdan galasyna, öz öýüne dolanyp biler».


Şeýle hem Iordan derýasynyň aňyrsyndan Ýerihonyň gündogarynda olar ruben tiresinden düzlükdäki çölde ýerleşýän Beseri, gat tiresinden Gilgatdaky Ramody, manaşa tiresinden Başandaky Golany bellediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ