Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 20:3 - Mukaddes Kitap

3 Tötänlikden ýa-da ýalňyşlyk bilen adam öldüren ganhor ol ýere gaçyp, özüni gorap biler. Goý, ol galalar ganhorlar üçin öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Төтәнликден я-да ялңышлык билен адам өлдүрен ганхор ол ере гачып, өзүни горап билер. Гой, ол галалар ганхорлар үчин өлдүрилениң хоссарындан гачыбаталга болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 20:3
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal: «Goý, şa hezretleri öz Hudaýy Rebden ant içsin we öldürileniň hossary mundan beýläk adam öldürmesin, meniň oglumam diri galsyn» diýdi. Patyşa: «Rebden ant içýärin, ogluňa barmagyny batyran adam bolmaz» diýdi.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Bu galalar ganhora jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolup hyzmat etsin.


Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin.


Emma biri duşmançylyk etmezden, bir adamy tötänlikde itip goýberse ýa-da bukuda ýatyp peýlemezden, oňa tarap bir zat zyňyp goýberse,


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


«Ysraýyllara aýt: Men size Musanyň üsti bilen gaçybatalga galalary barada aýdypdym. Şolaryň haýsy galalar bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň.


Kimde-kim şol galalaryň birine gaçyp barsa, ol adam galanyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bersin. Olar ol adamy öz ýaşaýjylarynyň biri hökmünde kabul edip, oňa öz aralarynda galada ýaşamaga orun bererler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ