Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Emma Rahap ol adamlary üçegiň ýokarsyna çykaryp, ol ýerdäki zygyr üýşmeginiň arasynda gizläpdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эмма Рахап ол адамлары үчегиң ёкарсына чыкарып, ол ердәки зыгыр үйшмегиниң арасында гизләпди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:6
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.


Hojaýynyň aýaly guýynyň agzyny örtgi bilen örtdi-de, üstüne däne serdi; ol ýerde hiç zat bilner ýaly bolmady.


Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme?


Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy.


Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady.


Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.


Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin.


Täze jaý gursaňyz, jaýyň üçegi üçin germew tutuň, ýogsam biri ýykylar-da, öýüňizde nähak gan döküler.


Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.


Musa doglanda, ata-enesi ony iman arkaly üç aý gizläp saklady. Olar oglanyň üýtgeşikdigini görüp, patyşanyň permanyndan gorkmadylar.


Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi.


Olar garaňky düşüp, gala derwezesiniň ýapylýan wagty çykyp gitdiler, olaryň nirä gidendiklerini men bilemok. Haýal etmän yzlaryndan kowsaňyz, olary ele salmagyňyz mümkin» diýdi.


Kowguçylar galadan çykan badyna derwezeler ýapyldy. Olar ysraýyl içalylaryny gözläp, tä Iordan derýasynyň güzerine çenli gitdiler.


Bu adamlar ýatmankalar, Rahap tamyň üçegine çykyp, olaryň ýanyna geldi


Şol wagt Ýeşuwa kasam edip, şeýle diýdi: «Kim bu Ýeriho galasyny täzeden gursa, goý, oňa Rebbiň huzurynda nälet siňsin! Onuň düýbüni tutan nowbahar ogluny ýitirer, derwezesini diken körpe oglundan dynar!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ